6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisini we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň geljegi, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilişi, şeýle hem Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilişi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gazanylan möhüm üstünlikler hem-de bolup geçen ähmiýetli wakalar barada maglumat berildi. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýetine garaldy.
Brifingde Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary döwlet we halkara derejeli çärelere aýratyn üns berildi. Bu çäreleriň sebit dialogyny ösdürmekde, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi ilerletmekde, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde, şeýle hem ulag we üstaşyr geçelgeleriň arabaglanyşygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Olaryň Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy.
Brifingde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem aýratyn orun berildi. Ol türkmen halkynyň durmuşynda milli ähmiýetli möhüm waka hökmünde häsiýetlendirildi. Mejlisde içerki we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garalyp, ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şeýle-de halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, kemala gelýän ýaş nesle goldaw bermek we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek ugrunda işleri dowam etdirmek boýunça wezipeler bellenildi.
Mundan başga-da, TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisini we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy ýaly sebit ähmiýetli iri bilelikdäki taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi, şeýle hem ulag we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek meseleleri beýan edildi.
Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri brifingiň ýokary derejede guralandygy we giňişleýin maglumatlaryň berilendigi üçin Türkmenistanyň ilçihanasyna minnetdarlyk bildirdiler. Olar Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýetini we olaryň sebit dialogyny pugtalandyrmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary ilerletmäge goşýan goşandyny aýratyn bellediler.
Bellenilişi ýaly, brifing Pakistanyň jemgyýetçiligini Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlary, onuň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandy, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikler bilen tanyşdyrmakda möhüm meýdança boldy.