Hytaýyň Şanhaý şäherinde 6-7-nji noýabrda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda nebitgaz we himiýa senagatyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine esasy orun berildi. Iki ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi, ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini maslahatlaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Forumyň maksatnamasyna birnäçe mowzuklaýyn mejlisler we B2G görnüşindäki ikitaraplaýyn gepleşikler girizildi. Hytaýyň öňdebaryjy energetika, inženerçilik we maliýe kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň «Türkmennebit», «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda nebitgaz çig malyny gaýtadan işlemek, energetika pudagyna döwrebap Hytaý teknolojýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek barada netijeli pikir alyşmalar boldy.
Nebitgaz toplumy bilen bir hatarda, duşuşyklarda ulag-logistika, gurluşyk, sanly tehnologiýalar hem-de oba hojalygyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hem garaldy. Agrar pudakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny getirmek hem-de azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meseleleri gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň biri boldy.
Forumyň çäklerinde energiýa we senagat ugurly maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilip, hyzmatdaşlyk boýunça degişli resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň döwrebap senagat hem-de nebitgaz önümçilik kärhanalarynyň işi bilen ýerinde tanyşmagy bilen tamamlanar.