744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.11.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Merjen Ýagşynazarowa hytaý dili boýunça talyplaryň onlaýn bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna goşuldy. Ol B kategoriýasynda birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň netijelerini Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty jemledi.

Çärä ýurdumyzyň 11 ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdy. Olimpiada iki kategoriýa boýunça geçirildi: A kategoriýasynda hytaý dilini hünär edinýän talyplar, B kategoriýasynda bolsa dil bilen baglanyşykly bolmadyk ugurlar boýunça bilim alýan talyplar çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, B kategoriýasynda birinji orunlary Muhammetemin Atabaýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Mähriban Jumamyradowa (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty) we Bägül Iskenderowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) hem eýeledi. Bu kategoriýada dört ikinji we sekiz üçünji orny şol ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Ýaagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary gazandy.

A kategoriýasynda birinji orunlar mümkin bolan 100 baldan 98-den 96-a çenli bal toplan dört gatnaşyja berildi: S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyndan Bägül Serdarowa we Rasul Hanjikow, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan Oguljan Allanurowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Nurana Ýegenmyradowa. Bu üç ýokary okuw mekdebiniň wekilleri şeýle hem bäş ikinji we ýedi üçünji orny eýelediler.

Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar guramaçy ýokary okuw mekdebiniň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglandy. Guramaçylaryň maglumatyna görä, olimpiadanyň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, nazary bilimleri kämilleşdirmäge, ýazuw we dilden gepleşik endiklerini ösdürmäge, şeýle hem bilim beriş işinde innowasion tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etdi.