744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji noýabrda geçirilen söwdalarda jemi 2 998 500,00 manatlyk we 1 490 524,53 ABŞ dollarlyk 5 geleşik baglaşyldy. Daşarky bazarda Latwiýanyň işewür toparlary pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny, Serbiýanyň telekeçileri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen guradylan arassalanmadyk buýan köki hem-de kök baldaklaryny, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa ýerli öndürijilerden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda geçirilen söwdalarda türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «TPP D 30 S» kysymly polipropilenini we «Türkmenpagta» döwlet konserniniň pagta üptügini satyn almak boýunça geleşikleri resmileşdirdiler.

Nobatdaky birža söwdalarynda eksport ugurly önümler bilen birlikde içerki senagat önümlerine hem islegiň ýokary bolandygy hasaba alyndy. Baglaşylan geleşikler Türkmenistanyň önüm öndürijileriniň önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplydygyny hem-de ýurdumyzyň birža söwdalarynyň işjeň ösdürilýändigini nobatdaky gezek tassyklady.