«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň işgärleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda netijeli zähmet çekýärler. Kärhananyň hünärmenleri gazanýan ýokary görkezijilerini ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllyk şanly senesine mynasyp zähmet sowgady hökmünde bagyşlaýarlar.
Hazar deňziniň kenaryndaky Çeleken ýarym adasynyň nebit känlerinde alnyp barylýan işler önümçilikde durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini görkezýär. Şu ýylyň başyndan bäri müdirligiň nebitçileri meýilleşdirilen görkezijilerden ýokary netijeleri gazanyp, 367,1 müň tonna derejede meýilleşdirilen önümçiligiň ýerine 402,1 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykardylar.
Şeýlelikde, önümçilik meýilnamasy 109,5 göterim ýerine ýetirilip, kärhananyň zähmet toparynyň ýokary hünär derejesi we önümçilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygy ýene-de bir gezek tassyklandy. Häzirki wagtda «Galkynyşnebit» müdirliginiň hünärmenleri buraw işleri tamamlan we kabul edilen iki sany täze nebit guýusyny senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri dowam etdirýärler. Täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi geljekde nebit çykaryşynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Kärhanada häzirki zaman tehnologiýalaryny, öňdebaryjy enjamlary we önümçilik usullaryny ulanmak arkaly nebit känleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Hazaryň kenaryndaky nebitçiler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa pudagyň ösüşine berilýän yzygiderli üns we döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti