744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.11.2026

Aşgabatda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahatynyň maksatnamasynyň çäklerinde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan ýörite tehniki sessiýa geçiriler. Bu çäräniň Nebitgaz inženerleri jemgyýeti (Society of Petroleum Engineers — SPE) bilen hyzmatdaşlykda guralmagy meýilleşdirilýär.

Tehniki sessiýada nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, halkara kompaniýalaryň wekilleri, inženerler we alymlar häzirki zaman ylmy-tehniki çözgütleri ulanmak arkaly uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tejribe alşarlar.

Duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri işlenilip gelinýän we önümçiligiň soňky tapgyrlaryndaky ýataklaryň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak, gatlaklary dolandyrmak, guýularyň ulanylyş tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, nebitiň çykarylyş derejesini ýokarlandyrmagyň usullaryny ulanmak hem-de abatlaýyş-dikeldiş işleriniň netijeliligini artdyrmak bilen baglanyşykly bolar.

Gatnaşyjylar önümçilik proseslerine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumatlara esaslanan dolandyryş usullaryny ulanmak, ýataklaryň uzak möhletleýin öndürijiligini üpjün etmek we energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça öňdebaryjy halkara tejribelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

SPE-niň gatnaşmagyndaky bu tehniki sessiýa ylmy-barlaglaryň, inženerçilik çözgütleriniň we önümçilik tejribesiniň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem ol milli we halkara hünärmenleriň arasynda bilim we tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüler.

TESC 2026-nyň çäklerinde geçiriljek bu çäre Türkmenistanyň energetika pudagynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere möhüm goşant goşar.