744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.11.2026

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň 25-nji noýabrda geçirilen nobatdaky maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

17-18-nji noýabrda paýtagtymyzda Mejlisiň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň bütin dünýäde giň goldaw tapýan bitaraplyk syýasatyna we parlament diplomatiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli üçünji Aşgabat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden giň mümkinçilikleriniň netijesinde 19-20-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisleri ýokary derejede geçirildi. Assambleýanyň mejlisleriniň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň wekiliýet ýolbaşçylary bilen parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar guraldy.

Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriniň, oňyn başlangyçlarynyň halkara giňişlikde barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda ýurdumyzyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetine seredilendigini aýdyp, «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, geljekki çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hem hödürlenilldi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.




Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi