744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.11.2026

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow tebigy gazy we nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çykarmakda guýularyň önüm berijiligini has-da artdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan Kararlara gol çekip, wise-premýer Guwanç Agajanowa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi