744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
05.06.2024
Türkmenistanyň gahrymany Oleg Kononenko täze rekord goýdy

«Roskosmosyň» habaryna görä, 5-nji iýunda russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko umumy 1000 gününi kosmosda geçiren ilkinji ynsan boldy.

Oleg Kononenko 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri ol bäşinji kosmos uçuşyny amala aşyrýar.

2024-nji ýylyň 4-nji fewralynda bäş kosmos gatnawynda jemi 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt toplan watandaşymyzyň görkezen netijesi Gennadiý Padalkanyň ozalky rekordlaryndan ýokary boldy.

Kononenko 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda rus Nikolaý Çub we Amerikadan Loral O'Hara bilen bilelikde «Soýuz MS-24» kosmos gämisinde uçdy.

2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda meýilleşdirilýän HKS-a ýyllyk uçuş tamamlanandan soň, kosmonawtyň umumy uçuş wagtynyň 1110 gün bolmagyna garaşylýar. Oleg Kononenko şu güne çenli jemi 44 sagat 30 minutlyk ýedi kosmos ýoluny tamamlady.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde dünýä indi. Häzirki wagtda Oleg Kononenko — Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Gahrymany.