744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
11.06.2024
Türkmenistan bilen Koreýa köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Düýn günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady. Koreýa Respublikasynyň Prezidentini S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Galkynyş köçesiniň aýlawyna çenli atly hormat nyzamy ugratdy.

Resmi garşylamak dabarasyndan soň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşüldi we iki ýurduň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow koreýaly kärdeşini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Prezident Ýun Sok Ýola Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Baştutanynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda şahsy goşandyny belläp, bu ugurda edýän tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji saparyna iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we onuň netijeleriniň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhynyň bardygy bellenildi. Beýik Ýüpek ýoly biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara hereketleri ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolupdyr hem-de halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde özboluşly köpri hökmünde hyzmat edipdir.

Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýär we onuň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Dürli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaşy bolup durýar, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek esasynda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi we Prezident Ýun Sok Ýola Türkmenistanyň garaýyşlaryny we öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz hem Koreýa Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky tagallalaryny goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmekde netijeli iş alyp barmaga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek belläp, türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra Prezident Ýun Sok Ýola söz berildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana gelmäge hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny belledi. Şu günki duşuşyk BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde geçen ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen gepleşiklerden soňky ilkinji duşuşykdyr diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy we saparyň netijeleriniň iki döwletiň arasyndaky netijeli dialogy pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýola goýuldy, ýöne däp-dessurlaryň, medeniýetiň umumylygy bilen baglanyşan halklarymyz ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda üstünlikli gatnaşyk edýärler diýip, belent mertebeli myhman nygtady. Prezident Ýun Sok Ýol gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Seula amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi. Şol saparyň netijeleri däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm sahypany açdy. Şu günki gepleşikler döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni ulgamlarda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garamak göz öňünde tutulýar diýip, Koreýa Respublikasynyň Baştutany aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny görkezýärler, birek-biregiň BMG-niň, beýleki halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini goldaýarlar.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady, ulag, energetika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýalary we beýleki ençeme pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Taraplar däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler «Soltan Sanjar» zalynda iki ýurduň resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly we dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu döwlet saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklarda taryhy waka hökmünde garalýar.

Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny berkitmäge kuwwatly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň möhüm waka bolandygy nygtaldy. Parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunda parlament diplomatiýasynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. 2023-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň Seulda geçirilen birinji maslahatyna gatnaşandygy muňa mysal hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, maslahatyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigini, şoňa laýyklykda, ýurtlarymyzyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahatyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary döredildi we häzirki wagtda-da hereket edýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistan — Koreýa» işewürler geňeşi döredildi. Maýa goýum hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Bilelikde iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde kükürt arassalaýan zawod hem bar. Bu zawod konsorsiumyň düzüminde koreý korporasiýalarynyň gatnaşmagynda guruldy. Biz iri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işini goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň iki tarap üçin hem bähbitli bolmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, gürrüňiň häzirki döwürde Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi. Türkmenistanda ol «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy» diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanda şäherleriň täze keşbini döretmekde Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlykda uly mümkinçilikleri görýäris. Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bir bitewi medeni giňişlige degişlidir. Ýurtlarymyzyň halklary dünýägaraýşy, medeniýeti, edebi ýörelgeleri boýunça biri-birine ýakyndyr. Bu bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňat esaslary döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Ylym we bilim hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Saglygy goraýyş we lukmançylyk hyzmatdaşlygy hem uly orna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we iki ýurduň iri lukmançylyk merkezleriniň, uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda-da hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, koreý türgenlerini geljekki döwürde ýurdumyzda geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasatda hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi. Biz bu ulgamda Koreýa Respublikasynyň ileri tutýan ugurlaryny bilýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dostlukly ýurt bilen bilelikde halkara we sebit ösüşiniň maksatlaryny üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalarda özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça koreý tarapynyň tekliplerini ünsli diňlemäge we olara seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada öňe süren başlangyjyna we türkmen tarapynyň teklibi esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edýän Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilendigine ünsi çekdi. Bu mowzuklar esasynda Baş Assambleýanyň Aziýa toparynda geňeşmelere başlamagy maksadalaýyk hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň başlangyç bilen çykyş etmek wezipesini öz üstüne alyp biljekdiklerini nygtady.

Durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa we beýleki ugurlarda koreý tarapy bilen giň gerimli gepleşikleri geçirmäge taýýarlyk beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan Dubaý şäherinde geçirilen Hökümet sammitinde öňe sürlen täze tekliplere üns bermek zerur diýip hasap edýäris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasy tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplygyna, halkara başlangyçlaryna goldaw berilýändigine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hem, öz nobatynda, Koreýa Respublikasynyň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça çemeleşmelerine hormat bilen garaýandygyny, onuň netijeli ornuna ýokary baha berýändigini belledi. Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» formatynda özara hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Bu forum hyzmatdaşlygyň ykdysady kuwwatyny giňeltmegiň, logistik mümkinçilikleri artdyrmagyň möhümdigini görkezdi. Ylymda, bilimde, lukmançylykda, daşky gurşawy goramak işinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, biz «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldaýarys. Bu başlangyç Merkezi Aziýa boýunça ilkinji strategiýa bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Siziň Türkmenistana döwlet saparyňyz möhüm ähmiýetli waka bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we onuň netijeleriniň döwletara gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etjekdigine hem-de netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp, Koreýa Respublikasynyň ýakyn dosty bolan Türkmenistana gelip görmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Prezident Ýun Sok Ýol ösüşiň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan we okgunly ösýän Merkezi Aziýa sebitine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu sebitde möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Energetika ulgamynda gazanylan üstünliklere, ynanyşmagyň derejesine daýanyp, hyzmatdaşlygy, şol sanda saglygy goraýyş, telekommunikasiýa, gämi gurluşygy ulgamlarynda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek zerurdyr.

Belent mertebeli myhman syýasy ulgamdaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, 2022-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň, 2023-nji ýylda bolsa «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilendigini nygtady. Parlamentara hyzmatdaşlyk hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Prezident Ýun Sok Ýol söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, şu saparyň netijeleri boýunça söwdany hem-de maýa goýumlary höweslendirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýändigini belledi.

Maliýe edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem zawodlary gurmak boýunça gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder diýip, dostlukly döwletiň Baştutany belledi.

Koreýa Respublikasynyň Hökümeti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýär diýip, Prezident Ýun Sok Ýol aýtdy we öz ýurdunyň Türkmenistan üçin gyzyklanma bildirilýän ulgamlara aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýillidigini tassyklady.

Prezident Ýun Sok Ýol medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

Dostlukly döwletiň Baştutany biziň ýurtlarymyzyň ýakyn dostlar hökmünde halkara giňişlikde, hususan-da, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Koreýa Respublikasynyň tagallalaryny goldajakdygyna ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça netijeli dialogy geçirýändigine şatdygyny aýtdy hem-de Bilelikdäki Beýannamanyň düzgünlerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, «Seljuk han» zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary «Magtymguly» zalyna barýarlar we şol ýerde metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Şol gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

 Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi