744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
12.06.2024
Ylym «gara altyndan» berdi ak bagtym

Şeýle at bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahatyň açylyşynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän pudagyň baýry ylmy edarasynyň halypa alymlaryna we ýaş ylmy işgärlerine, nebitgaz önümçilik birlikleriniň tejribeli hünärmenlerine, şeýle hem sebitleýin senagat ulgamynyň ylym-bilim ojaklarynyň sarpaly mugallymlaryna we talyplaryna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edip, institutyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, himiýa ylymlarynyň kandidaty Oraz Orazow ylym-bilime goýýan sarpasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdy.

«Geologiýa. Burawlaýyş. Uglewodorod känleri işläp geçmek we ulanmak. Ekologiýa» hem-de «Sanly tehnologiýa. Ykdysadyýet. Tebigy ylymlar. Energetika. Maşyn we enjamlar» atly bölümçelerde öz işini dowam eden ylmy-amaly maslahatda baýry ylym ojagyň alymlarynyň, önümçiligiň tejribeli hünärmenleri bilen nebitgaz pudagynyň dürli ugurlary boýunça çuňňur bilim berilýän Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň we konserniň ýöriteleşdirilen hünärmenleri taýýarlaýan Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarydyr mugallymlarynyň arasyndaky çekişmeli tejribe alyşma pursatlary netijeli häsiýete eýe boldy.