«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly maslahat geçirildi. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli ýokarda agzalan edaranyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen dabaraly çärä «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümlerinde zähmet çekýän hünärmenler, ylmy işgärler gatnaşdy.
Dabaranyň başynda Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýolbaşçylary Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilimiň, sanly ulgamyň ösdürilişi, nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň täze tehnikalar, agregatlar, tehnologiýalar, enjamlar bilen üpjün edilişi, onuň çykarylýan önümiň mukdaryna, hiline ýokary täsiri, edara-kärhanalarda zähmet köpçüligi üçin döredilýän amatly şertler, ylym bilen meşgullanýan alymlara, ýaş hünärmenlere döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berlişi barada çykyş etdiler.
Soňra, gün tertibine laýyklykda, ylmy temalar boýunça çykyşlara orun berildi. Ilki YBTGI-niň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedow söz nobatyny aldy. Ol Üňüz gazly sebitiniň Bagaja gazly ülkesiniň çäklerinde ýerleşýän Çaryköl, Demirgazyk Çaryköl meýdançalarynyň gurluşlaryny takyk öwrenmekde alnyp barylýan işler, barlaglar, seljermeler barada çykyş etdi.
Soňra YBTGI-niň laboratoriýa müdirleri Myrat Baýramgylyjowyň, Allaşükür Altaýewiň, uly ylmy işgäri Larisa Çuprinanyň, inženeri Dörtguly Garajaýewiň, tehnigi Ogulnur Hojagulyýewanyň gaz we gazkondensat guýularynyň düýbündäki suwuklygy çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Gyzylgaty meýdançasynda geologik-geofiziki maglumatlary häzirki zaman programma üpjünçiligini ulanmagyň esasynda toplumlaýyn täzeden teswirleýiş işleriniň netijeleri, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazuw işlerinde ulanylýan buraw dolotolarynyň ulanyş seljermesini geçirmek we ulanyş mümkinçiligi boýunça netijenama bermek, anomal pes gatlak basyş şertlerinde gaz we gazkondensat känlerini basmarlamagyň, özleşdirmegiň usullary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hakynda çykyşlary diňlenildi. Olar bu ugurlarda netijeli işleriň geçirilýändigini bellemek bilen, öz tekliplerini, pikirlerini, ylmy garaýyşlaryny beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda şanly sene mynasybetli YBTGI-niň göreldeli zähmeti, ylmy başarnygy bilen tapawutlanýan işgärlerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.