Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana sapary wagtynda «Daewoo Engineering & Construction» gurluşyk kompaniýasynyň başlygy Çjun Won Çju iş wekiliýetiniň düzüminde türkmen hünärmenleri bilen birnäçe möhüm duşuşyk geçirdi.
Wise-premýer Batyr Amanow, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen «Daewoo E&C»-niň başlygynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amatly maýa goýum ýagdaýy bellenilip geçildi. Bu barada «The Korea Herald» habar berdi.
«Daewoo E&C» Gyýanly we Türkmenabat şäherlerinde mineral dökünleri öndürýän iki sany uly zawodyň, şeýle hem «akylly» Arkadag şäheriniň taslamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda «Daewoo E&C» kompaniýasynyň Türkmenistanyň çalt ösýän bazarynda has netijeli işlemek üçin Aşgabatda şahamçasyny açandygyny ýatladýarys.
— Türkmenistanyň baý tebigy baýlyklary täze şäherleri, senagat desgalaryny we infrastrukturany ösdürmek ýaly dürli pudaklarda işewürlik üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe. Bu taryhy döwlet saparyndan soň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek arkaly Merkezi Aziýa bazaryndaky ornumyzy berkitmäge borçlanýarys — diýip «Daewoo E&C»-niň başlygy aýtdy.