744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
14.06.2024
QazaqGaz we Gazprom Gazagystanyň üsti bilen tebigy gazy üstaşyr geçirmek hakynda şertnama baglaşdylar

Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «MK «QazaqGaz» PJ-niň müdirliginiň başlygy Sanjar Jarkeşow we “Gazprom” PJ-niň müdirlginiň başlygy Alekseý Miller Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana we Gyrgyzystana üstaşyr ibermek hakynda ylalaşyklara gol çekdiler diýip, milli kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Şertnamalaryň möhleti 15 ýyl – 2040-njy ýylyň ahyryna çenli.

Bu taslamalar Gazagystanyň gazulag ulgamynyň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder, Respublikanyň gaz pudagy üçin ykdysady bähbidi artdyrar, sebit energetika howpsuzlygyny berkitmäge goşant goşar.

Resminamalara Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň gatnaşmagynda gol çekildi.

Ýatlatsak, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisi boýunça Özbegistana rus gazynyň ibermeleri badalga aldy. Dabara üç ýurduň Prezidentleri – Kasym-Žomart Tokaýew, Wladimir Putin we Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.