744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.06.2024
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK daşary ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy

14-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Meýilnama laýyklykda, konserniň garamagyndaky desgalary döwrebaplaşdyrmak we olaryň enjamlaryny kadaly ýagdaýda saklamak ugrunda degişli işler geçirilýär. Hususan-da, gaz gysyjy desgalarda öz wagtynda hyzmat etmek, tehniki enjamlary tapgyrlaýyn we düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. 

Mundan başga-da, gaz geçirijileriň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, gaz desgalaryny doly kuwwatynda işletmek üçin olary maddy-tehniki enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda işleriň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin meýilnamalaýyn işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, enjamlary satyn almak, bejermek, hyzmat etmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.