744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.05.2023
Türkmenistanda nebitgaz toplumyna täze wise-premýer bellenildi

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça täze wise-premýer wezipesine Amanow Batyr Amangeldiýewiç bellenildi. Ondan öň ol «Türkmengaz» döwlet konsernine ýolbaşçylyk edýärdi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. Nebitgaz toplumy boýunça wise-premýer wezipesinde Batyr Amanow Aşyrguly Begliýewiň ýerine geçdi. A.Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi.