744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.05.2023
«Türkmengaz» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi

Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Maksat Babaýew bellenildi. Ondan öň, ol konserniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Öň, 2017-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Maksat Babaýew «Türkmengaz» DK ýolbaşçylyk edipdi. 2017-nji ýylyň aprelinden 2018-nji ýylyň aprelinde çenli bolsa ol nebitgaz meseleleri boýunça wise-premýer boldy.