744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
22.05.2023
Türkmenistanyň wekiliýeti Kazandaky forumda ulag, logistika we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum2023» XIV Kazan Halkara ykdysady forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistany DIM-niň saýty habar berýär. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşi hakynda» we «Russiýa we Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly mejlislerde çykyş etdi. Olaryň barşynda ulag, logistika we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýeti «Russia Halal Expo» halkara sergi görkezilişiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sergide Türkmenistanyň ugurdaş ulag edaralarynyň diwarlyklary, şeýle hem türkmen öndürijileriniň önümleri görkezildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnullin we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanow bilen duşuşyklary geçirildi, Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Kamaz» PJ-niň baş direktory S.Kogogin, «Ak Bars» holding kompaniýasy» PJ-niň baş direktory I.Ýegorow, Stats-sekretar, RF-niň ulag ministriniň orunbasary D.Zwerew, şeýle hem «MFA Lojistik» türk kompaniýasynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen hem duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Kazana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi» strategiki görüş toparynyň mejlisiniň işine hem gatnaşdy.