744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
01.06.2023
Seýed Raisiniň çakylygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär. Tähran şäheriniň iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy EYR-nyň resmi adamlary hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berilýändigini belledi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamynda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Öň Eýranyň Prezidenti Seýed Raisi türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurduna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şol bir wagtda Eýranyň Baştutany hatynda şeýle belledi: «Iki döwletiň arasynda halkara we ikitaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy, hususan-da, üstaşyr ibermek, suw we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän tutanýerli orny üçin hoşallygymy beýan edýärin. Ýaňy-ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen geçirilýän gazyň mukdarynyň köpeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr».