744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
01.06.2023
Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisi bilen söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH agentligi habar berýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar haryt dolanyşygynyň artýandygyny bellediler. Muňa mysal hökmünde käbir görkezijiler getirildi. Şonuň bilen birlikde, bar bolan kuwwatlyklary hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegine we üstaşyr geçirilmegine, eksportyň we importyň artdyrylmagyna, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň çözgüdini işjeňleşdirmek teklip edildi. Gaz alyşmak boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler. Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy.