744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.07.2024
Hormatly Prezidentimiz GFR-iň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi


24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilçini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, jenap Bernd Haýnsy jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly ýokary diplomatik wezipesinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda iki döwlet ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerine kanagatlanma bildirdi. Abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzümleriniň çäklerinde birek-birege berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu goldaw, ozaly bilen, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilip öňe sürülýän halkara başlangyçlara degişlidir. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk “Merkezi Aziýa — Germaniýa” dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Şeýle görnüşde geçirilýän gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene biridir. Şunuň bilen baglylykda, senagat, oba hojalygy, bank, ulag-kommunikasiýa ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekip, GFR-iň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandyny aýratyn nygtady. Saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-german gatnaşyklaryny netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezip bolar. Mälim bolşy ýaly, onuň çäklerinde dostlukly ýurduň hünärmenleri bilen tejribe alyşmak, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň Ýewropanyň ösen lukmançylyk tejribesini öwrenmekleri üçin birnäçe alyş-çalyş maksatnamalary hereket edýär.

Oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi, şunda iki dostlukly halkyň bähbidine özara Medeniýet günlerini geçirmegiň, muzeý işi babatda tejribe alyşmagyň, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bernd Haýnsy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ýola goýlan netijeli döwletara dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde oňa hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, diplomat däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-german hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge tarap saýlanyp alnan ugry dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi