744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
09.08.2024
Türkmenistan bilen Wengriýa medeni gatnaşyklaryň gerimini giňeldýär

Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň, muzeý hünärmenleriniň we žurnalistleriň uly döredijilik wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Budapeşte iberildi.

Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygyny bellediler.

Wengriýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýeti 9-11-nji awgust aralygynda Bugaç şäherinde geçiriljek gün we türki halklaryň gadymy däp-dessurlarynyň goralyp saklanmagy we sähra çarwa medeniýetleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň baýramçylygy bolan gurultaý-festiwala gatnaşar.

Şeýle hem 11-nji awgusta çenli dowam etjek çäreleriň çäginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligiň açylyş dabarasy bolar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi