Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Baş Assambleýanyň 80/131 belgili kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanan «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny: mümkinçilikler we teklipler» atly ýörite hasabatyny çap etdi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Baş Assambleýanyň 81-nji mejlisinde garamak üçin hödürlenen resminamada energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça döwletleriň we BMG ulgamynyň düzümleriniň garaýyşlary jemlenýär. Hasabatda 2024-nji ýylyň 16–17-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Energetika arabaglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça halkara bilermenler duşuşygynyň netijelerine aýratyn orun berilýär.
Resminamada Aşgabat duşuşygynda işlenip taýýarlanan serhetüsti energetika infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, standartlary sazlaşdyrmak, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça teklipler beýan edilýär. Şeýle hem sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, tejribe alyşmagyň hem-de hökümetara gepleşikleri dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtalýar.
Aşgabat duşuşygynyň netijeleriniň BMG-niň hasabatyna girizilmegi Türkmenistanyň ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygy boýunça halkara gün tertibini kemala getirmäge goşýan goşandyny görkezýär. Şeýle-de resminamada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Merkezi Aziýanyň energetika ulgamlaryny birleşdirmek mümkinçilikleri baradaky netijeleri getirilýär.
Türkmenistanyň öňe sürýän energetika başlangyçlary energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksadyny — ähli adamlar üçin elýeterli, ygtybarly, durnukly hem-de döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmäge gönükdirilendir.