744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň energetika kuwwaty we dünýä durnukly ösüşine goşandy
15.09.2026

Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdeleri ýurduň ykdysady kuwwatynyň möhüm bölegini düzýär. Döwlet energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, olaryň halkara bazarlaryna ygtybarly çykarylmagyny üpjün etmek hem-de energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar. Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly global energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyna mynasyp goşant goşýar.

Häzirki döwürde energiýa serişdeleri dünýä ykdysadyýetiniň we jemgyýetçilik ösüşiniň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin energetika howpsuzlygy diňe bir aýratyn döwletleriň däl, eýsem bütin dünýä bileleşiginiň umumy meselesidir. Halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, ylalaşykly çözgütleriň işlenip taýýarlanmagy we täze mümkinçilikleriň döredilmegi bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.

Soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň goragy bilen bagly meseleler dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Bu ýagdaý energiýa ulgamynda täzeçil çemeleşmeleri, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny talap edýär. Döwletler metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak boýunça täze çözgütleri gözleýärler.

Uglewodorod serişdeleriniň çäklidigini nazara alyp, dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan gyzyklanma barha artýar. Gün we ýel energiýasy ýaly alternatiw çeşmeler häzirki wagtda köp ýurtlarda giňden ulanylýar. Bu ugurdaky tehnologik ösüşler daşky gurşawy goramaga, energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmaga we geljekki nesiller üçin durnukly ösüş şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan hem häzirki zaman energetika meýillerine laýyklykda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ösdürmek we wodorod energiýasynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary önümçilikde netijeli peýdalanylyp, milli energetika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna şert döredýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş strategiýasynda ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, senagatlaşdyrmak we sanly ulgamy ösdürmek möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenendir. Sanly tehnologiýalaryň önümçilige we dolandyryş ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy ykdysady netijeliligi ýokarlandyrýar, hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar we innowasion ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen birlikde, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa önümçilik ýörelgelerine hem aýratyn üns berilýär. Elektron hyzmatlaryň giňeldilmegi, sanly resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy we döwrebap dolandyryş usullarynyň ulanylmagy jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça başlangyçlary halkara derejede hem uly gyzyklanma döredýär. Ýurtda Gün we ýel energiýasy ýaly alternatiw çeşmeleri peýdalanmak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Döwrebap şäher gurluşygynyň, ekologiýa standartlarynyň we täze tehnologiýalaryň sazlaşygyny özünde jemleýän Arkadag şäheri bu ugurdaky üstünlikleriň aýdyň mysallarynyň biridir.

Energetika howpsuzlygy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan dünýäniň iri energiýa öndürijileriniň hatarynda bolup, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly we köpugurly ugurlaryny ösdürýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan energetika strategiýasy türkmen energiýa serişdelerini uzak möhletleýin we durnukly esasda gaýtadan işlemek, döwrebap infrastruktura döretmek hem-de halkara bazarlaryna çykarmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Tebigy gazyň we beýleki energiýa serişdeleriniň eksport ugurlarynyň ösdürilmegi hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn mümkinçilik berýär. Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän döwletleriň arasynda deňhukukly gatnaşyklaryň kemala gelmegine ýardam edýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde energetika howpsuzlygy boýunça halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine işjeň goşant goşýar. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan bu syýasat energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly ýetirilmegini we ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan üçin energetika diňe bir ykdysady ösüşiň çeşmesi bolman, eýsem halkara hyzmatdaşlygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm ugrudyr. Ýurdumyz täze tehnologiýalary, innowasion çözgütleri we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleri birleşdirip, geljegiň energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen giň gerimli işleri dowam etdirýär.

Sülgün Gutlyýewa,

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň jogapkär kätibi