Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň senagat kuwwatynyň we eksport mümkinçilikleriniň esasy binýadyny nebitgaz toplumy emele getirýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde uglewodorod serişdelerini ýurdumyzyň özünde doly gaýtadan işlemäge, önümçilik ulgamlaryna iň döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ekologiýa taýdan arassa, halkara bazarlarda ýokary bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Pudaga täze, ösen tehnologiýaly önümçilik desgalarynyň yzygiderli girizilmegi diňe bir senagat kuwwatyny artdyrman, eýsem milli önümleriň daşary ýurt bazarlaryndaky pozisiýalaryny hem düýpli pugtalandyrýar.
Häzirki zaman geologiýa-gözleg, burawlama we gazyp alma tapgyrlarynda sanly intellektual ulgamlaryň we emeli aň elementleriniň giňden peýdalanylmagy uglewodorod çig malynyň gorlary barada ýokary takyklykly maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Munuň özi gözleg-agtaryş amallarynyň maliýe harajatlaryny düýpli tygşytlamaga, bar bolan ätiýaçlyklardan netijeli peýdalanmaga hem-de känleri özleşdirmek proseslerini takyk dolandurmaga şert döredýär. Şol bir wagtyň özünde, magistral turbageçiriji ulgamlarda sanly gözegçilik we monitoring tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy olaryň ekspluatasion howpsuzlygyny iň ýokary derejä ýetirýär, logistiki zynjyrlar boýunça amallary optimizirlemäge hem-de operasion çykdaýjylary peseltmäge kömek edýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, nebitgaz känleriniň geologik binýadyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek arkaly täze ýataklary özleşdirmäge girizmek hem-de serişde tygşytlaýjy «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmak baş wezipe hökmünde kesgitlendi. Ulgamyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir önümçilik güýçlerini däl, eýsem marketing amallaryny, hyzmatlar ulgamyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli şertlerde işleşmegi täze derjelere geçirýär. Maglumatlaryň gaýtadan işleýän häzirki zaman merkezleriniň (Data-merkezleriň) döredilmegi we telekommunikasiýa infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy milli nebitgaz toplumynyň global ykdysady giňişlige durnukly goşulyşmagyny tizleşdirýär.
Pudagyň tehnologik taýdan düýpli kämilleşmegi bilim we hünärmen taýýarlygy ulgamynyň öňünde hem düýpli wezipleri goýýar. Ykdysadyýetiň sanly transformasiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze innowasion hünär ugurlary açylyp, okuw meýilnamalary halkara standartlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenýär. Ýokary hünärli inžener-tehniki kadrlary taýýarlamak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny we programma üpjünçiligini okatmak prosesine giňden girizmek arkaly zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplary doly üpjün edilýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli senagatlaşdyrma we sanlylaşdyrma syýasaty Türkmenistanyň uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşine berk binýat döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu toplumlaýyn özgerişlikler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem-de Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da beýgeltmäge hyzmat edýär.
Gülälek Ýuzbaşyýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalary bölüminiň baş hünärmeni.