744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda köpýyllyk tejribe we täze ösüşlere gönükdirilen zähmet
17.11.2026

Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşinde baý tejribesi, hünär ussatlygy we önümçilige döredijilikli çemeleşmesi bilen tapawutlanýan hünärmenleriň zähmeti aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň tehniki-önümçilik bölüminiň başlygy Perman Myradow hem bar. Onuň köpýyllyk zähmet ýoly ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň kämilleşmeginiň, önümçilik mümkinçilikleriniň artmagynyň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň aýdyň beýanydyr.

Perman Myradow bilen ilkinji tanyşlyk geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly bellenilen günlerinde bolupdy. Şol döwürde ol hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanypdy. Bu ýokary döwlet sylagynyň eýesi hökmünde onuň köpýyllyk halal zähmeti, önümçilikde gazanan üstünlikleri we ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň ösüşine goşan goşandy ýokary derejede bellendi.

P.Myradowyň hünär ýoluna nazar aýlanylanda, onuň durmuşynyň tutuşlygyna nebitgaz pudagy bilen baglanyşyklydygy görünýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky bölümini üstünlikli tamamlan hünärmen «Nebitgazçykaryş» trestiniň dürli düzümlerinde 35 ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekýär. Ol bu ýyllaryň dowamynda önümçilik tejribesini kämilleşdirip, pudagyň aýratynlyklaryna çuňňur düşünýän ussat hünärmen hökmünde kemala geldi.

Perman Myradowyň hünär taýdan ösmeginde onuň ilkinji halypasy bolan kakasy Aman Myradowyň uly täsiri boldy. A.Myradow 40 ýyllap «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebit taýýarlamak we akdyrmak uçastogyna ýolbaşçylyk edip, ýaş nesle baý önümçilik tejribesini miras goýdy. Hut şol tejribä daýanmak bilen, Perman Myradow hem zähmet ýoluny 1991-nji ýylda önüm operatory wezipesinden başlap, dürli ýolbaşçylyk we inžener-tehniki wezipelerde işledi.

Ol «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde önüm operatory, nebit we gaz çykarmak boýunça ussanyň kömekçisi, ussa, önümçilik-tehniki bölüminiň inžener-tehnology, tehniki-önümçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2021-nji ýyldan bäri bolsa «Nebitgazçykaryş» trestiniň tehniki-önümçilik bölüminiň başlygy hökmünde önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, tehniki çözgütleri kämilleşdirmek we bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça işleri alyp barýar.

Perman Myradowyň pikirine görä, Günbatar Türkmenistanyň nebit-gaz ýataklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň yhlasly zähmeti pudagyň esasy üstünlikleriniň özenini düzýär. Önümçilikde ulanylýan döwrebap usullar, ulanyşdaky guýulara yzygiderli gözegçilik etmek, nebiti we gazy ýygnamak hem-de akdyrmak ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, guýulary ýerasty abatlamakda peýdalanylýan enjamlaryň ygtybarlylygy hem-de täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi ýokary netijeleri gazanmagyň möhüm şertleri bolup durýar.

Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýandygyny bellän hünärmen, bu gymmatly baýlyklary halkyň abadançylygynyň bähbidine netijeli peýdalanmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň çägindäki iri nebitgazly känlerde alnyp barylýan işler pudagyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Goturdepede, Barsagelmezde, Gumdagda, Altyguýuda, Gamyşlyjada, Keýmirde we beýleki ýataklarda önümçilik işleri dowam etdirilýär. Şolaryň hatarynda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada meýdançasy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýerde amala aşyrylýan giň gerimli işler netijesinde «gara altynyň» önümçilik möçberleri yzygiderli artýar.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň halkara hyzmatdaşlygy hem täze derejelere çykýar. Perman Myradowyň bellemegine görä, 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «SINOPEC» kompaniýasy tarapyndan geçirilen sergä gatnaşmak mümkinçiligi boldy. Çäräniň dowamynda nebitgaz pudagyny ösdürmekde ulanylýan täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar bilen tanyşyldy, şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Perman Myradowyň zähmet ýoly ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hünär ussatlygynyň, önümçilige yhlasly çemeleşmegiň we täzeçil pikirleriň ähmiýetini görkezýän mysallaryň biridir. Onuň ýaly tejribeli hünärmenleriň zähmeti Türkmenistanyň energetika kuwwatynyň artmagyna, önümçilik mümkinçilikleriniň giňelmegine we pudagyň geljekki ösüşlerine möhüm goşant goşýar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti