744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan nebitgaz we energetika pudaklarynda täze maýa goýum mümkinçiliklerini açýar
11.11.2026

Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy — TIF 2026 ýurdumyzyň strategik pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sebitara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm halkara meýdança öwrüldi. Forumyň dowamynda nebitgaz toplumynyň ösüş mümkinçilikleri, energetika ulgamynyň geljegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek, elektrik energetikasyny ösdürmek we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň täze ugurlaryny döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar ýurdumyzyň energiýa serişdelerini diňe bir çykarmak bilen çäklenmän, olary gaýtadan işlemek, ýokary goşulan gymmatly önümleri öndürmek we dünýä bazarlaryna ygtybarly çykarmak boýunça toplumlaýyn ösüş ýoluny kesgitleýär.

Türkmenistanyň energetika syýasaty uzak möhletleýin durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanyp, halkara hyzmatdaşlar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurdumyz dünýä energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine işjeň goşant goşmak bilen, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmek we dürli sebitleriň sarp edijileri üçin ygtybarly üpjünçilik zynjyrlaryny kemala getirmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

TIF 2026-nyň energetika durnuklylygyna bagyşlanan mejlislerinde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça giň mümkinçilikler tanyşdyryldy. Milli nebitgaz pudagyny ösdürmegiň strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň deňiz şelfi daşary ýurt maýadarlary üçin açyk bolan 30-dan gowrak ygtyýarnama bölegine bölünip, halkara hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Maýadarlar üçin döredilen amatly hukuk we ykdysady şertler Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Kanuny bilen kepillendirilýär. Daşary ýurt kompaniýalary üçin düşnükli we ýeňilleşdirilen salgyt ulgamy hereket edýär. Şeýle hem maýadarlara çykarylan uglewodorod serişdeleriniň degişli paýyna ygtyýar etmek, olary gaýtadan işlemek we goşmaça mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalary, şol sanda «Dragon Oil», «PETRONAS» we «ADNOC» Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanda netijeli iş alyp barýarlar. Bu hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň halkara maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini görkezýär.

Forumyň çäklerinde gazanylan möhüm ylalaşyklaryň biri hem «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Germaniýanyň «Hybrid Innovation GmbH» kompaniýasynyň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda palet önümçiligini taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça gol çekilen şertnamadyr. Bu taslama ýurdumyzyň çig mal serişdelerini has çuňňur gaýtadan işlemäge we täze önümçilik ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň biridir.

TIF 2026-da Türkmenistanyň halkara energetika başlangyçlaryna aýratyn orun berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, «Galkynyş» gaz käniniň mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň Ýewraziýanyň merkezindäki strategik ýerleşişi sebit we dünýä energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm şertler hökmünde görkezildi. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça eksportyny ösdürmek arkaly global energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar.

Forumda çykyş eden daşary ýurt wekilleri hem Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysadyýet we maliýe ministriniň orunbasary Mehdi Heýdari energetika ulgamynda gaz serişdelerini swop usuly boýunça ibermek, energiýa serişdelerini daşamak, saklamak, gaýtadan işlemek we nebit senagaty boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny belledi. Onuň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran sebit ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orna eýedir.

Türkiýe Respublikasynyň söwda ministriniň orunbasary Mahmut Gürjan Orta geçelgäniň mümkinçilikleriniň, şeýle hem «Galkynyş» gaz käniniň mundan beýläk-de özleşdirilmeginiň strategik ähmiýetini nygtady. Gyrgyzystanyň Milli maýa goýum agentliginiň ýolbaşçysy Rawşanbek Sabirow bolsa tebigy gaz we nebit önümlerini ibermek boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

TIF 2026-nyň netijeleri Türkmenistanyň energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna gadam basýandygyny görkezdi. Forumyň dowamynda geçirilen gepleşikler we gazanylan ylalaşyklar ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň döwrebap ösüşine, täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem-de energetika serişdeleriniň halkara bazarlaryna çykarylýan ugurlarynyň giňeldilmegine ýardam berer.

Aşgabat forumy Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlaryny — önümçiligi artdyrmak, çuňňur gaýtadan işlemegi ösdürmek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we sebit energetika howpsuzlygyna goşant goşmak ýörelgelerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. TIF 2026 ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny pugtalandyran möhüm ykdysady wakalaryň biri boldy.

Nazarmuhammet Nurgeldiýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby