Dünýä energetika bazarynyň häzirki zaman özgerişleri şertlerinde nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini ylmyň, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň sazlaşykly utgaşmasy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energetika ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, döwrebap önümçilik infrastrukturasyny döretmek we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly pudagyň täze ösüş tapgyryna gadam goýýar.
2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Turkmen energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahaty bu ugurda möhüm halkara çäreleriň biri bolar. «Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçiriljek forum döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemlär.
TESC 2026 maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanda energetika ylmyny ösdürmäge, senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly çözgütleri giňden ornaşdyrmaga we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Bu ugurlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.
Nebitgaz pudagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu ulgamyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Olaryň hatarynda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, gazhimiýa senagatyny ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika toplumynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi pudagyň diňe bir ykdysady ähmiýeti bilen çäklenmän, eýsem ylmyň, bilimiň, innowasiýalaryň we halkara hyzmatdaşlygyň binýadynda ösdürilýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda energetika toplumy diňe bir nebit we gaz çykarmak bilen çäklenmeýän giňişleýin ulgam hökmünde garalýar. Ol uglewodorod serişdelerini gözlemekden başlap, önümçilik, gaýtadan işlemek, daşamak, sanlylaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek we täze nesil hünärmenlerini taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýar. TESC 2026-nyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem şu toplumlaýyn çemeleşme bolar.
TESC 2026 halkara energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry hökmünde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde başlanan netijeli hyzmatdaşlygyň dowamydyr.
OGT 2026 Aşgabat şäheriniň dünýä energetika ulgamynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, maýa goýum mümkinçiliklerini görkezmek we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin abraýly halkara meýdançadygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Bu forum iri nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň we bilermenleriň gatnaşmagynda energetika pudagynyň geljegi, maýa goýum taslamalary we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalara giň mümkinçilik berdi.
Eger-de OGT 2026 pudagyň strategik ösüş meselelerine, maýa goýum mümkinçiliklerine we halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan möhüm gepleşik meýdançasy bolan bolsa, TESC 2026 bu dialogy ylmy-tehnologik ugurda has-da ösdürer. Forum energetikanyň geljegini kesgitlejek täze ylmy işläp taýýarlamalary, sanly çözgütleri we innowasion tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşmaga gönükdiriler.
Türkmenistanyň şeýle yzygiderli halkara başlangyçlary baý tebigy serişdeleriň mümkinçiliklerini häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyrmaga, netijeli we ekologiýa taýdan jogapkär energetika modelini döretmäge bolan çemeleşmäni görkezýär.
TESC 2026-nyň esasy ugurlarynyň biri energetika pudagynda sanly tehnologiýalary we emeli aňy ulanmak bolar. Maslahatyň çäklerinde sanly ýataklar, intellektual dolandyryş ulgamlary, önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmak, enjamlaryň ýagdaýyny öňünden kesgitlemek hem-de uglewodorod serişdelerini gözlemekde we çykarmakda emeli aňyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Energetikanyň sanly özgertmeleri diňe bir täze tehnologiýalary ornaşdyrmak däl, eýsem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, töwekgelçilikleri azaltmak we serişdeleri has netijeli peýdalanmak üçin möhüm gural bolup durýar.
Döwrebap sanly çözgütleriň ulanylmagy geologiýa-gözleg işleriniň takyklygyny ýokarlandyrmaga, ýataklary dolandyrmagy kämilleşdirmäge, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini artdyrmaga we önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.
TESC 2026-nyň möhüm ugurlarynyň biri hem daşky gurşawy goramak we energetika pudagynyň ekologiýa täsirini azaltmak meseleleri bolar. Hususan-da, metan zyňyndylaryny azaltmak, döwrebap ekologik tehnologiýalary ornaşdyrmak we gözegçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berler.
Maslahatyň çäklerinde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga, tehnologiýalara we amaly çözgütlere bagyşlanan ýöriteleşdirilen çäreler geçiriler. Onda zyňyndylary ölçemegiň we gözegçilikde saklamagyň häzirki zaman usullary, hemra tehnologiýalary, tebigy gazyň syzmalaryny ýüze çykarmak hem-de halkara tehniki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu ugurlar dünýä energetikasynyň häzirki ösüş meýillerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda ykdysady netijelilik bilen bir hatarda ekologik jogapkärçilik hem energetika strategiýalarynyň esasy şertleriniň birine öwrülýär.
TESC 2026 maslahatynda ylmy mümkinçilikleri ösdürmek we energetika pudagy üçin täze nesil hünärmenlerini taýýarlamak meselelerine aýratyn orun berler.
Tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe ýokary hünärli işgärler energetika toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň esasy şertleriniň biridir. «Energetikanyň geljekki liderleri» atly tematiki sessiýa hünär başarnyklaryny ösdürmek, ýokary okuw mekdepleriniň önümçilik kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy, halypa-şägirtlik ýörelgeleri we ýaş hünärmenleriň ösüş mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanar.
Şeýle hem «TESC Youth Energy Forum 2026» çäklerinde ýaşlaryň emeli aň, sanly ýataklar, robototehnika, energetika netijeliligi we uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary boýunça taýýarlan taslamalary hödürlener.
TESC 2026 diňe bir ylmy pikir alyşmalar üçin däl, eýsem anyk hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmek üçin hem möhüm meýdança bolar. Forumyň maksatnamasynda tehnologik sergiler, innowasion çözgütleriň tanyşdyrylyşlary, şeýle hem B2B we B2G görnüşindäki işewür duşuşyklar göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň esasy maksady ylmy işläp taýýarlamalary önümçilikde ulanmagyň ýollaryny giňeltmek, döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň, ylmy merkezleriň we bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr.
Türkmenistan häzirki döwürde energetikanyň ösüşinde täze modeli kemala getirýär. Bu model tebigy serişdeleriň mümkinçiliklerini innowasiýalar, halkara hyzmatdaşlyk we daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşme bilen utgaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, TESC 2026 diňe bir ylmy maslahat bolman, eýsem Türkmenistanyň döwrebap, netijeli we durnukly energetikany ösdürmek boýunça uzak möhletleýin strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüler.
Amandurdyýewa Tylla
"Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnalynyň Sanly habarlar bölüminiň programmisti