744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Makalalar
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumy üstünlikli geçirildi
28.10.2024

 

23 — 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi (OGT 2024) däbe öwrülen görnüşde, şeýle hem onlaýn düzgünde geçirilip, dünýäniň onlarça ýurtlarynda görkezildi.

Dünýäniň 50-den gowrak ýurtlarynyň wekilleriniň 830-dan gowragyny birleşdiren forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Sergä we maslahata gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek babatda döredýän mümkinçilikleri biziň döwletimiz bilen netijeli hyzmatdaşlyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Şu gezek geçirilen halkara forum ýangyç-energetika toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmäge, nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak barada netijeli pikir alyşmaga ýardam etdi.

 

23-nji oktýabrda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz işewürlik düzümleriniň, bu ugurda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Halkara sergi ýurdumyzyň we dünýäniň nebitgaz pudagynyň gazananlary bilen tanyşdyryp, ony ösdürmegiň häzirki meýillerini we geljegini beýan etdi. Sergide Belgiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan gelen kompaniýalar öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onuň baý mazmunly maksatnamasy energetiki geçiş, energiýa serişdeleriniň täze eksport ugurlary hem-de uglewodorodlary gazyp almakda ekologiýa jähetler boýunça mejlisleri öz içine aldy. Türkmenistanyň baý serişdeler kuwwaty forumyň üns merkezinde boldy.

Daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän döredijilikli çemeleşmeleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygyna üns çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň çykyşynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary we möhüm taslamalar bilen tanyşdyryldy. Esasy ugurlaryň hatarynda wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyndaky hyzmatdaşlygy, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak ýaly ugurlary mysal getirdi.

Wise-premýer ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň alyp barýan işlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady işiň we daşky gurşawy goramagyň arasyndaky deňagramlylygy tapmaga we oňa ýetmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň metan boýunça borçnamasyna ygrarly bolup galýandygy nygtaldy, uglerodyň dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak boýunça döwletimiziň görýän çäreleri barada aýdyldy.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Maksat Babaýew ýurdumyzda tebigy gazyň baý gorlary hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berdi. Milli energetika pudagyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bellenildi. Maksat Babaýew daşky gurşawy goramakda Türkmenistanyň uly üstünlikleri gazanandygyny aýdyp, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylarynyň 10 göterim azaldylandygyny habar berdi.

Bu başlangyjyň çäklerinde metanyň zyňyndylaryny tapgyrma-tapgyr azaltmak maksatnamasy kabul edildi, bu bolsa ýurdumyzyň ekologiýa standartlaryna we durnukly ösüşe ygrarly bolup galýandygyny görkezýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, öz nobatynda, häzirki wagtda energiýanyň Gün, ýel we gidroenergetika ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine aýratyn ünsüň berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki şertlerde bu çeşmeler diňe ileri tutulman, eýsem, sebitiň we dünýäniň ähli ýurtlarynyň durnukly ösmegi üçin ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli ýagdaýlara öwrülýär, gaýtadan dikeldilýän energetika halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary açýar hem-de Türkmenistan bu işde ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar.

Şeýle hem M.Arçaýew uglerod gazyny azaltmaga hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Olar diňe ekologiýa maksatlaryny göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň energetika howpsuzlygyny hem pugtalandyrýar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wise-prezidenti Çžan Daoweý bilen duşuşygy boldy. Taraplar gaz pudagynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Maksat Babaýew tebigy gazy çykarmak we ugratmak babatda uly netijeleri görkezen hyzmatdaşlygy dowam etmegiň we giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de uglerod zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, olar durnukly ösüşiň global ýagdaýlaryna kybap gelýär.

Maslahatyň işinde dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary tanyşdyrmalary bilen çykyş etdiler, toplan tejribelerini we täze işläp taýýarlamalaryny paýlaşdylar.

«Türkmennebit» DK-nyň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň täze maýa goýum teklipleri hem-de energetika düzümine strategik garaýyş, deňiz bloklarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew geologiýa gözleginde täze tehnologiýalaryň, şol sanda 3D seýsmiki gözleg tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagyna hem-de intellektual guýulara ünsi çekdi.

«TAPI Pipeline» kompaniýasynyň Baş direktory hem-de direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanowyň çykyşy foruma gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ol owgan topragynda howpsuzlyk meseleleri barada durup geçmek bilen, ol ýerde ýagdaýyň gowulanyp, işleri ilerletmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek üçin Türkmenistanyň ýerli hökümet hem-de jemgyýetler bilen ysnyşykly işleýändigini belledi.

Ýakynda iri möçberli TOPH taslamasynyň Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berlendigini nygtamak bilen, M.Amanow onuň gaz geçirijiniň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Bu bölekde geçirilýän işler inženerçilik barlaglaryny hem-de işgärleriň işe çekilmegini, şeýle hem turba, örtüji materiallar we beýleki enjamlar ýaly zerur serişdeleriň satyn alynmagyny öz içine alýar.

Şeýle hem «TAPI Pipeline» kompaniýasynyň ýolbaşçysy TOPH taslamasynyň iş orunlaryny döretmek, düzümi ösdürmek arkaly ýerli jemgyýet üçin ykdysady bähbitleri üpjün edýändigini belläp, taslama gatnaşýan ýurtlaryň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagy we ykdysady ösüşi ilerletmegi dowam etmäge taýýarlygyny görkezýändigini aýtdy.

Maslahatyň dowamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, uglewodorod serişdelerini howpsuz daşamak hem-de ekologiýa talaplaryny nazara almak we energetikany durnukly ösdürmek bilen baglylykda energiýanyň alternatiw görnüşlerini öndürmek ýaly meselelere hem üns berildi.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, şol sanda onlaýn görnüşde duşuşyklar geçirildi, olarda geljekki özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň ahyrynda forumyň işiniň netijeleri jemlendi hem-de oňa gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» halkara maslahaty nebitgaz pudagynyň geljegini emele getirýän milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we tejribe alyşmak üçin hakyky platforma öwrüldi.