Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde hem-de ýeriň jümmüşinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda trestiň «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda öwgä mynasyp işler bitirildi. Gürrüňi edilýän döwürde bu trestiň düzümindäki guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri boýunça bilelikde alanyňda gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» möçberi, degişlilikde, 40 müň 480 tonna hem-de 115 million 762 müň kub metre ýetdi. Munuň özi geçen döwür üçin bellenilen meýilnamanyň goşmaça nebit almak babatynda 1,5 esseden artygy bilen berjaý edilendigini aňladýar. Şonuň ýaly-da, tebigy gazy goşmaça almak baradaky tabşyryk ýedi esseden gowrak ýerine ýetirildi. Gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan tebigy gazyň ählisi diýen ýaly «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has kuwwatly desgalara eýe bolan kärhanada abatlaýyş işleriniň depginini düýpli ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik bar. Bu mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmagy başarýan gamyşlyjaly abatlaýjylaryň abraýy ýylsaýyn artýar.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen täze, has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edildi. Guýy gazyjylar has çuň dag jynslaryny gazmaga ukyply bolan Germaniýanyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň kuwwatly buraw desgalaryny, guýulary abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli bolan abatlaýjy desgalary edindiler. Daşary ýurtlaryň kämil desgalaryna başarjaň erk edýän «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen döwründe önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularyň 29-syny abatlap, olaryň 26-syny ulanyşa tabşyrdylar. Şol gaýtadan dikeldilen guýulardan goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi bolsa 12 müň 522 tonna ýetdi. Munuň özi meýilnamada bellenenden 9 müň 253 tonna köpdür. Abatlaýjylar bu döwürde meýilnamadan daşgary 98 million 762 müň kub metr «mawy ýangyç» çykarmagy başardylar.
Ýöriteleşdirilen kuwwatly desgalara başarnykly erk edýän müdirligiň hünärmenleri häzirki döwürde Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde iş alyp barýan «Gamyşlyjanebit», «Keýmir» nebitgaz çykaryş hem-de «Körpeje» gaz çykaryş müdirliklerine degişli önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti