Sungat wekilleri nebitçileriň, gazçylaryň keşbini döredenlerinde, olaryň sähranyň goýnunda görkezýän gahrymançylygyny örän inçelik we ussatlyk bilen şekillendirýärler.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky üstünlikleri we gahrymanlary wasp edýän eserleriň arasynda zehinli ýaş suratkeş Şagylyç Ataýewiň döreden «Nebitçiler» atly eseri aýratyn orna eýedir. Bu eser nebitçileriň diňe bir iş pursadyny däl, eýsem, olaryň içki ruhy dünýäsini we ýurduň ykdysady kuwwatyny ussatlyk bilen görkezýär.
Merdan Abdyrahmanowyň «Gazçylar» atly eseri hem ünsüňi çekýär. Ondaky görnüş ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň «Galkynyş» ýaly ägirt ýataklarda nähili uly yhlas bilen özleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu sungat işgärleriniň eserlerinde janlanýan nebitgazçylaryň keşbi — bu biziň döwrümiziň hakyky gahrymanlarynyň keşbidir.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti