744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebit çykarylyşynda täze sepgitler: «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň üstünlikleri
26.05.2026

Ýurdumyzda nebit çykaryjy baş kärhana bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki kärhanalarda öňde goýlan wezipelerden, döwrüň talabyndan ugur alnyp işlenilýär. Olar her ýyly ýokary zähmet üstünligine beslemegiň hötdesinden gelýärler. «Gara altyn» we «mawy ýangyç» ussatlarynyň işiniň ileri bolmagynda guýulary düýpli abatlaýjylaryň hem saldamly goşandy bardyr.

1997-nji ýylda döredilen Guýulary düýpli abatlaýyş dolandyryş edarasy aradan köp wagt geçmänkä «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine öwrülipdi. Onuň ýerine ýetirmeli wezipesi guýulary düýpli abatlamakdan, olaryň düýbüni berkitmekden, ýokarky we aşaky gatlaklara dolanyp barmakdan (ýagny gatlagyň mümkinçiligine görä nebit gözlemekden), ulanyş sütünlerindäki näsazlyklary düzetmekden we suwly gatlagyň öňüni baglamakdan ybarat bolup durýar. Ilkibaşda guýulary düýpli abatlamak işleri «A-50» we «UPT-50» kysymly göteriji desgalar arkaly amala aşyrylan bolsa, soňra önümçilikde has kämil «HJ-350» we «HJ-450» kysymly göteriji desgalar ulanylyp başlandy.

Hereketsiz duran guýulary düýpli abatlamak işiniň birnäçe görnüşi bolup, olaryň gurluşynyň üýtgedilmegi şol işleriň esasylarynyň biridir. Käbir sebäplere görä, gatlaklardan çykaryp bolmaýan nebiti almak hem-de nebit-gazly gatlaklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2015-nji ýylda trestiň «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirligi tarapyndan Demirgazyk Goturdepe käniniň 22-nji guýusynda ilkinji gezek «HJ-450» kysymly göteriji desga arkaly ikinji sütüni burawlamak, ýagny ulanyş sütüninden «penjire» açmak işi üstünlikli geçirilýär. Guýy şol ýyl ulanyş gaznasynyň hataryna girizilip, ondan 2 müň 12 tonna goşmaça nebit alyndy. Işiň bu usulynyň önümçilige ýerli hünärmenler tarapyndan ornaşdyrylmagy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň düzüminde Barsagelmez, Goturdepe, Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri, Guýulary maýyşgak nasos-kompressor turbaly düýpli abatlaýyş müdirligi, Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirligi bolup, olar biri-biri bilen arkalaşykly işleýärler. Halkymyzda «Arkalaşan dag aşar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.

Maýyşgak nasos-kompressor gurnamalar düýpli abatlaýyş işleriniň dowamlylygyny azaldýandygy bilen ähmiýetlidir. Sebäbi bular bilen abatlaýyş işleri amala aşyrylanda, guýynyň içindäki nasoskompressor turbalaryň goýbermegaldyrma işleri geçirilmeýär, ýagny olar şol turbalaryň içinden goýberilýär. Maýyşgak nasos-kompressor turbalar bilen, esasan, guýynyň düýbündäki çäge dykylaryny ýuwmak, guýynyň nasos-kompressor turbalarynyň diwarlaryndaky parafin çökündilerini eredip arassalamak, guýynyň düýpýaka zolagyna täsir etmek üçin kislota erginini goýbermek, guýynyň ulanyş sütüninde sement köprini gurmak ýaly işler ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki «Nebitgazburawlaýyş», «Nebitgazçykaryş» trestleri, «Nebitgazylmytaslama» instituty we «Türkmennebitgeofizika» müdirligi, şeýle hem Hytaýyň Nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky «Halkara nebit hyzmatlary», Singapuryň «ÝUG-NEFTEGAZ PRIVATE LIMITED», Awstriýanyň «Mitro International Limited» kompaniýalary, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda iş alyp barýar. «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine degişli bolan kärhanalar önümçilikde zerur bolan göteriji desgalar, ýöriteleşdirilen tehnikalar, enjamlar, awtokranlar, buldozerler, ýangyç çekijiler bilen doly üpjün edilen. Bu bolsa işiň ileri bolmagyna, zähmet üstünliginiň gazanylmagyna ýardam edýär. Geçen ýylda trest tarapyndan meýilnamada göz öňünde tutulan 413 guýynyň deregine jemi 437 guýy ulanylyşa tabşyrylyp, meýilnama 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň netijesinde goşmaça 282 müň 418 tonna (meýilnamada göz öňünde tutulany 235 müň 378 tonna) «gara altyn» çykarylyp, meýilnama 120 göterim ýerine ýetirildi.

Guýulary düýpli abatlaýjylaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýokary zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryny, özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödejekdiklerini ynamly aýtmak bolar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti