Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň esasy ugurlaryndan biri nebitgaz pudagyny ösdürmek we ony döwrebap ýagdaýa getirmek bolup durýar. Şeýle hem uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmek, onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli gaz geçiriji ulgamyny emele getirmek möhümdir. 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan ugur alnyp gaz we gazkondensat känlerini rejeli işläp geçmekde gazguýy enjamlaryny poslamadan goramak we howpsuz ulanmak esasy meseleleriň biridir.
Poslamany çaklamakda we taslama düzmekde gazkondensatly ýataklary işläp geçmek we gurmak taslamasynyň tapgyrynda esasy çäreleriň biri hem ýerasty we ýerüsti gaz önümçilik enjamlaryny poslamadan goramak bolup durýar. Dürli gaz geçirijiler, kabelli aragatnaşyklar, sütünler, sygymlar we beýleki birnäçe metal gurluşlar ýerasty şertlerde ulanylýarlar. Mysal üçin ABŞ-da turbalaryň bejeriş işlerine çykýan çykdaýjylar ýylda birnäçe million dollardan ybarat bolýar.
Yerasty toprak tebigy gurşawynyň çylşyrymlylygy bilen tapawutlanyp, onda geçýän poslama prosesleriniň esaslary nazara alynmalydyr. Suw toprakda baglanyşykly, kapillýarly we grawitasion görnüşinde bolýar. Gidratirlenen himiki birleşmeleriň düzümine girýän baglanyşykly suw poslama täsirini ýetirmeýär. Kapillýarly çyglylygyň ýokary gö terilmesi topragyň öýjükleriniň radiusynyň effektiwligine bagly bolýar. Toprak suwunyň we toprak öýjükliginiň derejesi çyglylyk boýunça kesgitlenilýär, ol öz gezeginde posla ma tizligine täsir edýär. Grawitasion çyglylyk agyrlyk güýjüniň täsiri astynda topraga geçýär we topragyň çyglylygynyň şertine täsirini ýe tirýär. Dürli topraklarda çyglylygyň saklanyşy hem dürli bolýar. Agyr toýunsow toprak çyglylygy köp wagt saklaýar, çägesöw toprak bolsa has geçiriji bolýar. Topragyň çyglylygynyň ulalmagy bilen onuň poslama işjeňligi käbir kritiki nokadyna ýetýänçä ýokarlanýar. Geljekde çyglylygyň ýokarlanmagy bilen onuň işjeňligi peselýär. Bu katod reaksiýasynyň geçmegi üçin kislorodyň barmasynyň peselmegi bilen düşündirilýär.
Her bir topragyň çyglylygynyň kritiki bahasy bolup, onda poslama ýitgileri maksimuma ýetýär. Toýunsow topraklar üçin bu baha 12% we 25%, çägesöw üçin 10% we 20% aralykda bolýar. Az çyglandyrmada topragyň omiki ýitgileri bolup, ol elektrohimiki prosesleriň geçişini kynlaşdyrýar. Köplenç toprak üçin pH-yň bahasy 6,0-7,5 derejede bolýar. Şeýle-de aşgar toýunsow we şor topraklar bolup, onuň bahasy pH=7,5-9,5 we turşy çüýrüntgi we batga toprakda pH=3,0-6,0 deň. Munuň ýaly topraklar özüniň agressiwligi bilen tapawutlanýarlar. Topragyň mineralizasiýasy giň çäkde 10-dan 300 mg/l-e çenli üýtgeýär, bu bolsa poslama tizligine täsirini yetirýär. Topragyň mineralogiki we granulametriki düzümi, onuň çyglylygy ýaly Omuň garşylygyna täsir edýär.
Gury çägeli-toýunly toprakda udel garşylyk 2400 Om-m, çig çäge-toýunly toprakda -9 Om-m düzýär. Bu görkeziji, esasan, topragyň agressiwligine täsir edýär.
Topragyň howa geçmesi uly ähmiýete eýedir. Kislorodyň barmagynyň kyn ýerleri poslama tizligini peseldýär. Şol sebäpli, çäge toprak toýunlara garanyňda agressiwdir. Eger-de gaz geçiriji toýunly hem çägeli toprakdan, ýagny gyradeňdäl howalandyrma şertlerinde geçýän bolsa, onda makrogalwaniki toýunly meýdanda-anodly, çägeli meýdanda katodly poslama zonalary döreýär.
Anodly we katodly meýdanlar biri-birinden ep-esli daşda bolýarlar. Olaryň arasyndaky aralyk birnäçe metre ýetýär. Köplenç topraklarda poslama prosesi, kislorodyń geçişiniň kynlygy sebäpli, katodyň togtamasy arkaly geçýär. Ýumşak aerirlenen topraklarda anodly togtama gözegçilik edilýär. Poslama buglarynyň emele gelen ýagdaýlarynda anodly we katodly meýdanlar biri-birinden aýrylanda proses omiki togtama bilen häsiýetlendirilýär.
Ýerasty poslama, esasan, ýerasty metal gurluşlaryň poslama işjeň toprak bilen elektrohimiki täsirinde, toprak poslamasyna garanyňda örän howply bolup durýan elektro-poslama, elektrik togun hereketinde metalyň gurluşynyň bozulmasyna getirýär. Metallaryň toprak poslamasyna, esasan, ýazwa häsiýetli bozulmalar degişlidir. Toprakda metallaryň poslama tizligi, esasan, topragyň düzümine, çyglylygyna, howa geçirijiligine baglydyr. Poslama tizligini kesgitleýän esasy ýagdaýlaryň biri çyglylygyň barlygy, ýagny topragy elektrolit görnüşine getirip, elektro- himiki poslamanyň geçmegini ýüze çykarýar. Mene+ XH₂O Mn XH₂O + en
Ýerasty turbageçirijileriň polýarizasiýon potensiýalyny katod goragyny öçürmän kesgitlemek usuly bu omiki naprýajeniýanyň gaçmagyny ölçemek U we umumy potensiýalyň jeminden alnan netijäni aýyrmak.
Umuman, polýarizasiyon potensiýaly elektrohimiki impendans spektroskopýasy esasynda ölçemek usuly özünde aşakdaky aýratynlyklary saklaýar:
kömekçi elektrodlary polýar togundan öçürmegi talap etmeýär;
ölçegler geçirilende polýarlaşan mydamalyk tok bilen dowam etdirilýär;
ölçeg geçirmek üçin yitirilen wagtyň nätakyklyklary aýrylýar;
kömekçi elektrodlaryň deňeşdirme elektrod bilen ýakynda yerleşmegini talap etmeýär.
Poslama monitoringiniň ulgamy, poslama garşy gorag ýagdaýy barada maglumatlar düzüp ony tehniki ýagdaýy dolandyryş ulgamyna iberýär, ol bolsa öz gezeginde katod goragynyň parametrlerini barlag edip, galyndy poslama tizligini dolandyryp, turbageçiriji ulgamynyň galan resurslaryna dogry baha bermekliginden ybarat bolup durýar.
Şeýlelikde, gaz geçirijilerinde esasy howpsuzlygy üpjün etmek bu poslama gözegçiligi arkaly gaz geçirijileriniň ulanyş şertlerine baglylykda hökmany izolýasion örtükleriň ulanylmagy we ingibirlenmegiň ýokary döwrebaplygyny gazanmaklygy ýerine yetirmekdir.
Gülnabat ANNADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy
GeldimyratGELDIMYRADOW, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň mugallymy
Ogulmerjen GELDIMYRADOWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýokary matematika we informatika kafedrasynyň mugallymy
Çeşme: «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnaly