Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi geçirilýär. Bu möhüm çäre energetika ulgamyndaky häzirki zaman maksatlary we geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşine goşant goşmak maksady bilen gurnaldy.
Maslahatyň esasy maksady ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de täze nebitgaz taslamalary bilen tanyşmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň baý tebigy gaz gorlary, şeýle hem onuň sebitiň energetika merkezine öwrülmegi üçin alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bu forumda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýäniň onlarça ýurdyndan wekiller bu foruma gatnaşyp, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýärler.
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ýokary goşulan bahaly nebithimiýa önümleriniň önümçiligini hem-de ekologiýa taýdan arassa energetika ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek we döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça işleri çaltlandyrýar.
Ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny giňeltmek üçin bar bolan turba geçirijileriniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem sebitiň energetika geçelgelerini giňeltmek ugurlarynda hem işjeň iş alnyp barylýar. Şeýle taslamalar sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistan nebithimiýa pudagyna hem aýratyn üns berýär. Ammiak, mineral dökünler, polimerler ýaly ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek üçin uly maýa goýumlar çekilýär. Bu maksatlar ýurduň içerki önümçiligini artdyrmak bilen bir hatarda, täze iş orunlaryny döretmäge we daşary ýurt tehnologiýalaryny özleşdirmäge mümkinçilik döredýär.
Sanlylaşdyrmak we innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem nebitgaz pudagynyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe. Pudagyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin täze okuw merkezleri döredilýär, halkara hyzmatdaşlyk çäklerinde tejribe alyşmak boýunça programmalar amala aşyrylýar. Şeýlelikde, nebitgaz toplumy dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen yzygiderli tanyşdyrylýar.
Forumda çykyş eden döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalar we nebitgaz kompaniýalarynyň hünärmenleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerini, geljekki taslamalaryny we sebitdäki orny barada giňişleýin pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasy, şeýle hem Serhetabat — Hyrat gaz geçiriji — sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, energiýa hyzmatdaşlygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Sergide dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary, şeýle hem türkmen telekeçileriniň nebitgaz, logistika we hyzmat pudaklaryndaky işleri görkezildi. Mysal üçin, Hytaýyň CNPC, Italiýanyň Eni, «Baker Hughes», Ýaponiýanyň Sumitomo, Abu-Dabiniň ADNOC kompaniýalary we beýleki halkara hyzmatdaşlar öz innowasion çözgütlerini hem-de bilelikdäki taslamalary sergilediler.
Forumyň plenar mejlislerinde hemmetaraplaýyn innowasiýa, energetiki geçiş, daşky gurşawy goramak we uglerod zyňyndylaryny azaltmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň tebigy gazyny eksport ugurlarynyň giňeldilmegi, şeýle hem energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler giňişleýin bellenildi. Şeýle hem nebitgaz pudagynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we tehnologiki täzelikleri girizmek möhüm wezipeler hökmünde görkezildi.
Türkmenistanyň baý tebigy gaz gorlary ýurduň energiýa howpsuzlygynyň binýadyny döretmek bilen bir hatarda, sebitiň durnukly ösüşine hem uly goşant goşýar. Bu mümkinçilikler halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine, täze maýa goýumlaryň çekilmegine we tehnologiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.
Şeýlelikde, nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan iri taslamalar, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňeldilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynyň ösüşine güýçli itergi berýär. Bu forum Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, durnukly ösüşe, sebitiň energetika merkezine öwrülmäge gönükdirilen işleriň netijelidigini görkezýär.
Gurbanowa Maral,
Türkmennebit" DK-niň "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly redaksiýasynyň Sanly habarlar boluminin baslygy