744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
MERKEZI GARAGUM GÜMMEZININ GÜNORTA-GÜNDOGAR BÖLEGINDE KÜKÜRTSIZ GAZ YATAKLARYNYŇ YERLEŞIŞININ KANUNALAYYKLYLYGY WE OLARY GÖZLEMEGIN UGURLARY
03.02.2025

Merkezi Garagum gümmezi nebitgazlylygy babatynda Merkezi Garagum gazly ülkesiniň Merkezi Türkmenistan gazly sebitine degişlidir. Merkezi Garagum gazly ülkesiniň esasy gaz gorlary Zäkli-Derweze känler toparyna degişli bolup, bu yerde Derweze, Şyh, Takyr we beýleki gaz känleri yerleşendir.

Sebitiň gaz yataklary ýokarky ýura, neo-kom, apt, alb, senoman we turon ýaşlarynyň çökündilerine degişli bolup, gazlylygyň stratigrafiki çäkleri günorta we günorta-gündogar ugurlarda giňelýär.

Merkezi Türkmenistan gazly sebitiniň geologiki gurluşy we gazlylyk häsiýetleri boýunça ulgamlaşdyrylan maglumatlary esasynda barlagçylar (Z.B.Husnutdinow, A.G.Bliskawka, G.A.Gabrilyans, W.N.Melihow, WI.S.Sibirýow we beý.) uglewodorodlaryň günorta tarapdan Köpetdag öňi bükülmesinden gelýändigi baradaky netijä geldiler. Şeýle netijä gelinmegine şu aşakdaky deliller hyzmat edýärler:

  1. Günorta we günorta-gündogar ugurda önümli kesime has gadymy çökündileriň goşulmasy bilen, gazlylyk stratigrafiki we gipso-metriki çäklerde giňelýär;

  2. Yzygider yerleşen duzaklaryň gaz bilen dolulyk tertibi diňe demirgazyk ugurda, olaryň dolmaklyk derejesiniň peselmesi we gaz-suw galtaşmalarynyň gipsometriki ýokarlanmasy bilen häsiyetlenýär. Demirgazyk ugurda toýun gapaklarynyň ýukalyp ýitmesi bolup geçende, olaryň aşagynda (beýleki deň şert-lerde) gaz yataklary bolýar, olaryň ters ugurda ýukalyp ýitmesinde bolsa, günorta tarap dur-nukly toýun gapagy bolan diñe ýokarky duzak önümli bolup galýar;

  3. Köpetdag öñi bükülmesinden Merkezi Garagum gümmezine tarap uglewodorodlaryň keseleýin migrasiýasynyň tassyklamasynyň biri hem gümmeziň günorta eńňidinde yokarky ýura we aşaky mel çökündileriniň ýerasty suwlarynda erän gazyň mukdarynyň we maýyşgaklygynyň üýtgeme häsiýetleridir (Z.B.Husnutdinow, A.G.Bliskawka).

Merkezi Garagum gümmeziniň günorta-gündogar we günorta gümmezi gaz känlerini gözlemeklik babatynda örän çylşyrymly ýerler bolup durýar. Yura we mel gorizontlarynyň sebitleýin ýiti ýapgytlyga eýedigi sebäpli, bu ýerde lokal gurluşlar açylandyr we gurluş burunlaryna (terrasalara) öwrülendir ýa-da kiçi ölçeglere we beýikliklere eýedirler.

1976-njy ýylda W.N.Melihow we beýlekiler tarapyndan ekranirlenen yataklary ýüze çykarmaklyk boýunça işler ýerine ýetirildi. Yagny Ka we K₁g gurluş meýilnamalarynyň XVI, we IV gorizontlarynyň çaklanýan ekranirleme çyzygy bilen gatnaşygy boýunça, bu gorizontlarda ekranirlenen yataklaryň emele gelmesi üçin amatly şertli bölekler yüze çykarylandyr. Oňa bosaga hökmünde mulda hyzmat edip, Günorta Gurruk gurluş çylşyrymlaşmasyny demirgazykdan çäklendirýär. Bu bosaganyň saýlanmasy Günorta Gurruk gurluşynyň J, we K, çökündilerinde gümmez şekilli adaty ýataklaryň açylmasy bilen şertle nendir. Ekranirlenen duzaklary ýüze çykar maklyk üçin Z.B.Husnutdinowyń we beýleki alymlaryň barlaglarynyň netijeleri bölekleýin ulanylandyr. JoXVI, gorizontynda iki sany iri stratigrafiki duzaklar ýüze çykarylyp, olaryň meydany 217 km² we 160 km² we Ka,

IV gorizontynda bir sany iri (440 km²) litologiki görnüşli duzak yüze çykarylandyr.

Şeýlelikde, seredilýän çäklerde gaz ýataklarynyň ýerleşiş kanunalaýyklygy Merkezi Garagum gazly ülkesiniň günorta böleginde, esasan, gurluş däl görnüşli duzaklar bilen baglanyşykly täze gaz (kükürtsiz) we mümkin nebit yataklarynyň açylmasy çaklanylýar. Olaryň ýüze çykarylmasy we çuň burawa tayýarlanmasy üçin Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri tarapyndan geçen ýyllaryň maglumatlary öwrenilip, umumylaşdyryldy hem-de birnäçe tapgyrlardan ybarat bolan jikme-jik 2D UÇNU seýsmiki barlag işlerini geçirmeklik üçin teklipnama taýýarlanyldy.

Hatyja ÇOPANOWA, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Geofizika bölüminiň başlygynyň w.w.ý.ý.
Jennet JUMAHANOWA, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Geofizika bölüminiň uly ylmy işgäri

Çeşme: "Türkmenistanyň Nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly