744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
«Bagtyýarlyk»: tebigy gaz daşary ýurda ugradylýar
28.03.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan gaz senagatyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyryp, onuň diwersifikasiýa ýoly bilen daşary bazara ugradylýan möçberini artdyrmak baradaky belent başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň sebitlerindäki täze gaz känleri özleşdirilýär hem-de ýurdumyzda tebigy gazy daşary bazara ugratmak ugrundaky halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça iri möçberli işler ýerine ýetirilýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasyndaky gaz gysyjy desga arkaly hem tebigy gaz daşary bazara ugradylýar. Bu kuwwatly, döwrebap desga Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde 2010-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda açylyp işe girizildi. Kärhanada ýaşlar üçin köp sanly iş orunlary döredi.

Gaz gysyjy desgalar toplumy boýunça önümçilik-tehniki bölüminiň birinji derejeli inženeri, otuz dört ýyldan bäri biregne işläp gelýän Myrat Hudaýnazarowyň aýtmagyna görä, desganyň işläp gelýän ýyllary içinde bu ýerde çylşyrymly tehnologiýadan oňat baş çykarýan tejribeli hünärmenler topary kemala geldi. Önümçilik meýdançasynyň başlygy Gadam Dargaýew, onuň orunbasary Eziz Reýimbaýew, gaz gysyjy desganyň başlygy Ylýas Amanow dagy kärhana paýtagtymyzdaky ozalky Politehniki instituty (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) tamamlap gelip, hut şu ýerde zähmet ýoluna başlan hünärmenlerdir.

Häzir «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasynda gazçy hünärmenleriň hem-de işçileriň üç ýüzden köprägi zähmet çekýär.

Üçajy hem-de Malaý gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan «mawy ýangyç», Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň «Şatlyk» hem-de «Garagum» önümçilik edaralaryndan ugradylýan tebigy gaz Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijileri arkaly şu gaz gysyjy desgasyna akdyrylýar we bu ýerde tebigy gaz gaýtadan işlenilýär. Desganyň önümçilik bölümleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhanada önümçilik operatorlar otagynda ornaşdyrylan kompýuterleriň kömegi bilen awtomatiki usulda dolandyrylýar. Bu ýerdäki agregatlaryň, enjamlaryň hemişe saz, bökdençsiz işlemegi üçin olar yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Kärhanada enjamlaryň kömegi bilen berjaý edilýän tehnologik işlere hünärmenlerdir işçiler tarapyndan pugta gözegçilik alnyp barylýar. Azot maşinisti Arslan Gylyjow, agregatlaryň maşinisti Geldimyrat Nurlyýew, operator Bagtyýar Ahmedow, ölçeg we awtomatika gullugynyň bejerijisi Abdylla Nursaidow, mehaniki bejeriş gullugynyň bejerijisi Mamurjan Rozumbaýew, energiýa üpjünçilik we elektrohimiki gorag gullugynyň elektromontýory Gurban Kerimow dagy gije-gündiziň dowamynda arman-ýadaman zähmet çekip, desganyň enjamlarynyň hemişe durnukly işlemegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

«Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasy diňe bir müdirligimiziň däl, eýsem, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iň iri önümçilik düzümleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň gaz känlerinden çykarylýan tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky ynsanperwer syýasaty esasynda gurlup, önümçilige girizilen bu häzirki zaman senagat kärhanasynda hünärmenlerimiziň ýokary tilsimatly enjamlary başarjaňlyk bilen dolandyrmaklary arkaly «mawy ýangyjyň» bildirilýän tehnologik talaplara laýyk gaýtadan işlenilmegi üpjün edilýär. Bu ýerdäki kuwwatly gaz gysyjy desga we önümçilik meýdançasyna degişli beýleki desgalar bökdençsiz hem-de ýokary öndürijilikli işledilýär. Şeýlelikde, «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasynda dünýä ülňüleriniň derejesine laýyk gelýän, ýokary hilli harytlyk gaz öndürilýär hem-de bellenilen meýilnama laýyklykda daşary bazara gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz ugradylýar» diýip, «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ruslan Atdaýew gürrüň berýär.

Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti