744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
19.08.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman” şypahanasyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtlaýyn zähmet rugsady wagtynda “Arçman” şypahanasyna baryp gördi. 

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hem-de ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.

“Arçman” şypahanasynda dynç alyşda bolýan R.Bazarow bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýtdy we häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda döwlet we halkara derejeli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen bilelikde, bu geçiriljek çärelere, hususan-da, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde geçiriljek “Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy – häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady” atly Halkara maslahatyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatynyň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

R.Bazarow ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylmagy bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlaryny berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Zähmet rugsadynda bolýan Gahryman Arkadagymyz “Arçman” şypahanasynyň çägi boýunça özüniň agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Gahryman Arkadagymyz agtyklarynyň dynç alyş möwsümi döwründe öwrenen bilimleri, olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesleri bilen gyzyklandy.

Çeper döredijilige, şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen, Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat bolan täze kitabyň sahypalaryny açyp, beýik söz ussadynyň goşgularyny okady. Alym Arkadagymyz akyldar şahyryň goşgularynyň ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydygyny, onuň eserleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyny belledi.

 

Çeşme: Türkmenmetbugat