Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 25-nji noýabrda «Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.
Sanlylaşdyrma, emeli aň tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy boýunça tejribe alyşmaga gönükdirilen bu iri halkara forum Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini, professor-mugallymlaryny, alymlaryny, ýaş gözlegçilerini, magistrlerini, aspirantlaryny we talyplaryny bir ýere jemlär. Şeýle hem çärä sanly tehnologiýalar ulgamynda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara maslahatyň esasy maksady ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylmy işleriň netijelerini önümçilik bilen utgaşdyrmak, täze tehnologiýalary okuw we önümçilik işlerine giňden ornaşdyrmak boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr. Forumyň çäklerinde häzirki zaman bilim usullary, ylmy açyşlaryň amaly ähmiýeti we ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar sanly innowasiýalar we ylmy-tehnologik ösüşiň geljegi, emeli aň hem-de intellektual tehnologiýalaryň ösüşi, şeýle-de kiberhowpsuzlyk we sanly giňişligi goramagyň häzirki zaman ugurlary boýunça çykyşlar bilen çykyş ederler.
Maslahat ýaş alymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegine, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga hem-de ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmäge möhüm goşant goşar.
Halkara çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşdyryş gezelençleriniň hem guralmagy meýilleşdirilýär. Bu bolsa gatnaşyjylara Türkmenistanyň paýtagtynyň döwrebap keşbi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.