744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.11.2026

Ilatly ýerleri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek, gaz geçiriji ulgamlarynyň durnukly işlemegini gazanmak we ýaşaýyş jaýlarynyň inženerçilik üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak Lebap welaýatynda alnyp barylýan möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan Milli maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler welaýatyň dürli künjeklerinde gaz üpjünçilik infrastrukturasynyň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri welaýat boýunça jemi 44 kilometr 148 metr uzynlykda täze gaz geçirijiler çekildi. Meýilnamada göz öňünde tutulan 44 kilometr 140 metr görkezijiniň ýerine ýetirilmegi bilen, bellenilen wezipeler artykmajy bilen berjaý edildi. Ýerine ýetirilen işleriň 16 kilometr 118 metri eltiji gaz geçirijilerine, 28 kilometr 30 metri bolsa içerki gaz ulgamlaryna degişlidir.

Gaz geçirijileriň umumy uzynlygynyň aglaba böleginiň içerki torlara degişli bolmagy ilatly ýerlerde sarp edijileriň gaz üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň ileri tutulýandygyny görkezýär. Şeýle hem çekilen täze ulgamlaryň 31 kilometr 732 metri oba ýerleriniň, 12 kilometr 416 metri şäherleriň we şäherçeleriň paýyna düşýär. Bu bolsa alnyp barylýan işleriň esasy böleginiň oba ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini görkezýär.

Ýylyň dowamynda Dänew we Kerki etraplarynda gaz geçirijileriniň gurluşygy aýratyn depgin bilen alnyp baryldy. Bu etraplaryň hersinde täze çekilen gaz ulgamlarynyň uzynlygy 5 kilometri geçdi. Kerki etrabynda, hususan-da, Gyzylaýak geňeşliginiň çägindäki täze hojalyklara 3 kilometr 900 metrden gowrak gaz geçirijisi çekildi. Bu görkeziji welaýat boýunça iň ýokary netijeleriň biri boldy. Dänew etrabynda bolsa Ýyldyz geňeşligi 2 kilometre golaý täze gaz ulgamynyň geçirilmegi bilen tapawutlandy.

Mundan başga-da, Halaç etrabynda 4,8 kilometr, Çärjew we Farap etraplarynyň hersinde 4,3 kilometr, Köýtendag etrabynda 3,6 kilometr, Darganata etrabynda 3 kilometr töweregi gaz geçirijiler çekildi. Saýat we Hojambaz etraplarynda hem bu ugurdaky işler netijeli dowam etdirildi. Döwletli etrabynda täze ulgamlaryň uzynlygy 2 kilometrden geçse, Garabekewül etrabynda 1,5 kilometre golaý boldy.

Bu görkezijiler welaýatda gaz üpjünçilik ulgamlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň anyk netijelerini görkezýär. Täze gaz geçirijileriň gurulmagy diňe bir tehniki taýdan möhüm ähmiýete eýe bolman, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, uzakdaky ilatly ýerlerde amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek babatda hem uly ähmiýete eýedir.

«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleriniň we işçi toparlarynyň yzygiderli zähmeti netijesinde durmuşa geçirilýän bu taslamalar welaýatyň gaz üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň tebigy gaz bilen durnukly üpjünçiligini has-da berkitmäge gönükdirilendir.