744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 23-nji noýabrda geçirilen söwdalarda jemi 4 geleşik baglaşylyp, olaryň umumy bahasy 3 million 269 müň 832,16 ABŞ dollaryna deň boldy. Eksport geleşikleriniň esasy bölegi Owganystanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda amala aşyryldy.

Birža söwdalarynyň netijelerine görä, owganystanly telekeçiler Türkmenistanyň himiýa we nebit-gaz pudaklarynyň önümlerine bolan gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek tassykladylar. Hususan-da, olar “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň “TS-1” kysymly awiakerosinini satyn almak boýunça şertnamalary baglaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen baglaşylýan eksport geleşikleri milli senagat önümleriniň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär. Energiýa serişdelerine bolan durnukly islegiň saklanmagy bolsa ýurduň daşary söwda gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň öndürýän ýangyç-energetika we himiýa önümleriniň sebitleýin bazarlarda islegden peýdalanmagy, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýar.