744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.09.2024
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda Permana gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek maksady bilen, Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny; Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamaly.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary şu Permanyň birinji böleginde görkezilen Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi