744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.10.2024
«Gyzylarbatetrapgaz» şaşka boýunça bäsleşik geçirdi

   Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletli işleriniň netijesinde Garaşsyz Türkmenistan sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pajarlap ösýän ýurdy, iri halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän mekany hökmünde dünýäde ykrar edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Şeýle işleriň çäklerinde «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň «Gyzylarbatetrapgaz» gaz hojalyk edarasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli şahsy birinjiligi almak ugrunda sportuň şaşka görnüşi boýunça geçirilen bäsleşigem uly ruhubelentlige beslendi.

Netijede, «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň «Gyzylarbatetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň daşarky we ýerasty gaz geçirijiler gullugynyň hünärmeni Batyr Mämmedow birinji, gazy hasaba alyş bölüminiň hünärmeni Laçyn Saparowa ikinji, gazy hasaba alyş bölüminiň barlaýjysy Ýazbibi Mollaýewa bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.