Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi. Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp, ony Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Sekretariatyň ähli işgärlerine bilelikde işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.