744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
20.09.2023
Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri: koreý kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ymtylýarlar

Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Sun Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşygynda öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasy habar berdi. Duşuşygyň başynda D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäginde Koreýanyň Premýer-ministri öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz we nebithimiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, ýurtlarymyzyň arasynda döredilen işjeň parlamentara hyzmatdaşlygyň özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigi nygtaldy. Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşmeleriň işine gatnaşdy. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we berkitmekde parlamentara gepleşikleriň aýratyn orny bellendi. Bu nukdaýnazardan söwda we ykdysadyýet pydagy, nebit-gaz, nebithimiýa we ulag, medeni we ynsanperwer ulgamlary, şol sanda, lukmançylyk, bilim, esasan hem, Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. DIM-niň habar berşi ýaly, 17-19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Saparyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Phýo bilen dar düzümde duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gepleşikleriň ösüşindäki oňyn netijeleri bellediler.