744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
20.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu babatda «birinji Maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygymyzy» beýan etdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek, «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek, Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmak, azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumyny çagyrmak başlangyçlary bilen çykyş etdi.