744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
20.09.2023
Türkmenistanyň Prezidenti “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni, günüň ikinji ýarymynda “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji taryhy duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär. Bu birinji Prezident sammiti meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulýandygyny üpjün etmek maksady bilen, dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik boldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär. 2015-nji ýylda döredilen pursadyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda “ABŞ-Merkezi Aziýa ýurtlary” dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary we ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk boýunça iş toparlaryň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi. 2022-nji ýylda resmi amallary ýola goýmak, umumy ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we ilerletmek, gatnaşyjy hökümetleriň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmak hem-de ýokary derejedäki ministrler duşuşyklaryny we beýleki çäreleri meýilleşdirmek üçin “C5+1”-iň Sekretariaty döredildi. Häzirki wagtda “C5+1” Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy we abadançylygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işi dowam etdirýär.