744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
25.10.2024
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Kazan şäherine iş saparyny amala aşyran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Tatarystanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp hem-de XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny bildirip, taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Bu gatnaşyklarda ýurdumyz Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini belläp, bu wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegini we onuň çäklerinde meýilleşdirilen maksatlara ýetilmegini arzuw etdi.

RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň saldamly goşandyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, ol golaýda Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen, beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň çäklerinde köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyzy Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýokary döwlet sylagyna Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimize «Duslyk» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy we tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň tassyklanmagy bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. “Goý, bu ýokary sylag biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň synmazlygynyň ýene-de bir nyşanyna öwrülsin!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa «Duslyk» ordeniniň gowşurylandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň doganlyk halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi