744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.10.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda 2-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Wise-premýer Guwanç Agajanow milli ykdysadyýetimiziň strategik ugry bolan nebitgaz toplumynda amala aşyrylan işler hem-de 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda gazanylan netijeler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebitgaz toplumy tarapyndan bellenilen meýilnamalaýyn borçnamalar artygy bilen berjaý edildi. Utgaşykly alyp barylan işleriň netijesinde “Türkmennebit” döwlet konserni boýunça nebit çykarmak meýilnamasy 109,1 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmak görkezijisi 109,1 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan hem ýokary önümçilik görkezijileri üpjün edildi. Şunlukda, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,8 göterim berjaý edilip, benzin öndürmek meýilnamasy 119,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek 114,7 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmek 112 göterim hem-de çalgy ýaglaryny öndürmek meýilnamasy 100 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň hem-de ýokary hilli önümleri öndürmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak we olary gözleg-barlag işleri arkaly özleşdirmek boýunça alnyp barylýan çäreleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.