744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
21.09.2023
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli sergä işjeň gatnaşdylar

20-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy. Sergi meýdançasynda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşantlarydyr mümkinçilikleri giňden şöhlelendirilýär. Bu ýerde ýokary tehnologiýaly enjamlar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter, kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgitler, ekologik meseleleriň çözgüdini tapmakda gazanylan üstünlikler, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzyň ylmy, işgärler, medeni kuwwatlyklary görkezilýär. Sergä ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary hem işjeň gatnaşdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar. Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly girewidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzeliklerdir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň ýokary depginlerdäki ösüşi giň sergi bölüminde beýan edilýär. Onda senagat taýdan ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümlerine, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine aýratyn orun berlipdir. Diwarlyklarda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň tapgyrlaryny, has takygy, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi, arassalanylan harytlyk gazyň öndürilişi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, polietilen we polipropilen hem-de ýokary oktanly benzin öndürmek üçin tebigy gazy senagat taýdan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny özünde jemleýän gazhimiýa toplumlarynyň mümkinçilikleri görkezilýär. Toplumlaýyn senagat-innowasion özgertmeleriniň çäklerinde okgunly ösýän himiýa pudagynyň diwarlyklarynyň töweregi hem köp adamly boldy. Ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan elektroenergetika pudagynyň gazananlary hem sergide giňden şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometri döwrebaplaşdyrylýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýar. 2022-nji ýylda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bularyň ählisi elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Häzirki zaman binalarynyň — energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, «ýaşyl» generator stansiýalarynyň hem-de beýlekileriň şekil taslamalarydyr çyzgylary ýakyn geljekde türkmen energetikasynyň ösdürilmeginiň ugurlaryny synlamaga şert döredýär. Şeýle-de sergide gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň — Gün panelleriniň, ýel generatorlarynyň önümçiligi babatda milli işläp taýýarlamalar görkezildi. Ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýýarlar. Munuň şeýledigini «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň, «Berk önüm» we «Ak hünji» hususy kärhanalarynyň diwarlyklary hem aýdyň görkezýär. Bu hususy kärhanalarda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler öndürilip, olara diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda-da uly isleg bildirilýär. Şeýle önümleriň hatarynda turbalar, kabeller, asma petikler, penjireler we gapylar üçin profiller, jemagat hojalygynda we gurluşyklarda giňden peýdalanylýan polietilenden, polipropilenden, poliwinilhloridden taýýarlanylan beýleki önümler bar. Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň üstünlikleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri guraldy. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna, şäher gurluşygyna, şeýle hem nebitgaz toplumynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerine we geljekki ösüş maksatnamalaryna bagyşlanan «tegelek stol» maslahatlary geçirildi. Sergi öz işini şu gün — 21-nji sentýabrda hem dowam edýär. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.