2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär. Ikinji ýerde barýan Russiýa geçen 8 aýda umumy bahasy 4,46 milliard dollar bolan tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 86,4 göterim köpdür. Hytaýa turbageçirijiler arkaly gaz eksport etmekde 3-nji ýerde barýan Gazagystan degişli görkezijini 2,3 göterim ýokarlandyryp, 782,91 million dollarlyk, Özbegistan bolsa, 40 göterim artdyryp, 370,57 million dollarlyk gaz iberdi.